Taryhda 16-njy ýanwar

Taryhyň şu güni

1341895
Taryhda 16-njy ýanwar

 

 

1804-nji ýylyň 16-njy ýanwary: Meşhur fransuz himigi we fizigi Žozef Lui Geý Lýussak gidrogen şarynyň içinde 7 müň 16 metr belentlige çykýar we uly rekord goýýar.  50 ýylyň dowamynda şol rekordy geçen bolmady.

 

1928-nji ýylyň 16-njy ýanwary: Ozalky Sowet soýuzynda Stalin hökümeti ele geçirýär. Stalin bilen hâkimiýet üçin göreşen Lew Troçki bilen birlikde oppozisiýadaky käbir syýasatçylaryň daşary ýurda sürgün edilmegi barada karar kabul edilýär. 20-njy ýanwarda sürgün edilen Troçki, aýaly we ogly bilen 14-nji fewralda Türkiýä gelýär. Troçki 4,5 ýyl Stambulda ýaşaýar.

 

1970-njy ýylyň 16-njy ýanwary: Liwiýada 1969-njy ýylda agdarlyşyk bilen hâkimiýeti ele geçiren Muammer Kaddafi, täze konstitutsiýanyň güýje girmeginden soň Premýer ministr we Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirýär. 40 ýyldan gowrak Liwiýanyň ýeke-täk lideri bolan Kaddafi 2011-nji ýylda ýurtda başlan aýaga galyşlykdan soň Sirte şäherinde öldürilýär.

 

 

1991-nji ýylyň 16-njy ýanwary: ABŞ bilen hyzmatdaşlary Kuweýdi basyp alyp Yraga garşy “Çöl şemaly” operasiýasyny başladýar. Operasiýanyň çäginde ilki howa we raketa hüjümleri guralýar. 1-nji aýlag urşy hökmünde taryhda ýer alan “Çöl şemaly” operasiýasynyň başlamagy sebäpli Yragyň goşuny Ysraýyly Skud raketalary bilen bombalaýar.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Lew Troçki , #Liwiýa , #çöl

Degişli Habarlar