Taryhda 13-nji ýanwar

Taryhyň Şu güni

1339382
Taryhda 13-nji ýanwar

 

1920-njy ýylyň 13-nji ýanwary: İzmiriň Grek goşuny tarapyndan basylyp alynmagy sebäpli Stambul şäherinde uly miting geçirildi. 150 müň adamyň gatnaşmagynda İzmiriň basylyp alynmagyna garşy geçirlen mitingde şahyr Mehmet Emin Ýurdakulyň, Hamdullah Suphi Tanryöweriň we Halide Edip Adywaryň eden çykyşy ünsleri özüne çekdi.

 

1966-njy ýylyň 13-nji ýanwary: ABŞ-nyň Prezidenti Lyndon B. Jonson 1964-nji ýylda döwrüň premýer ministri İsmet İnönä ýazan we Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara uly zarba uran “Jonsonyň haty” ilkinji gezek metbugatda çap edilýär. ABŞ-nyň Prezidenti Jonson 2 ýylyň dowamynda halk köpçüliginden saklanan hatynda, Türkiýäniň Kipre operasiýa guran halatynda Amerikanyň ýaraglaryny ulanyp bilmejekdigini aýdýardy. Hatda mundan başgada SSSR-iň Türkiýä harby operasiýa guran halatynda NATO bilen baglaşylan şertnamalardan peýdalanyp bilmejekdigi nygtalýardy. İsmet İnönü, ABŞ-nyň Prezidentininiň duýduryşna bolsa “Dünýä täzeden gurlar, Türkiýe hem şol dünýäde öz mynasyp ýerini alar” diýip jogap berýär.

 

2012-nji ýylyň 13-nji ýanwary: Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş 88 ýaşynda ýogalýar. Denktaş 17-nji ýanwarda  Jemhuriýet seýilgähindäki ýadigärlik mazara jaýlanýar.



Degişli Habarlar