Taryhda 9-njy ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1337832
Taryhda 9-njy ýanwar

1905-nji ýylyň 9-njy ýanwary… Patyşa Nikolaý 2-njimiň Sankt Peterburgdaky gyşky köşküniň öňünde jemlenşen müňlerçe işçilere, zenanlara we çagalara od açylýar. Rus taryhyna “Ganly ýekşenbe” hökmünde geçen wakada resmi maglumatlara görä 139 adam ýogalýar. “Ganly ýekşenbeden” soň işçiler köpçülikleýin iş taşlaýyş yglan edýär. Ýaponiýa bilen dowam edýän uruş we iş taşlaýyş sebäpli ýurtda syýasy çökgünlik başlaýar.

 

1964-nji ýylyň 9-njy ýanwary… Panama kanalynyň we golaýdaky etraplaryň dolanşygy meselesinde ýerli halk bilen ABŞ-nyň arasynda ýüze çykan düşnüşmezlik ýaragly çaknyşyga öwrülýär. Ýüze çykan dartgynlykda 21 panamaly bilen 3 Amerikan esgeri ölýär.

 

 

1964-nji ýylyň 9-njy ýanwary… Türk milli azat edijilik söweşini “Türküň ot bilen synagy”, “Otdan köýnek” atly romanlary bilen beýan eden ýazyjy Halide Edip Adywar 80 ýaşynda Stambulda dünýeden ötýär. Halide Edip adamsy Adnan Adywar bilen Azat edijilik urşuna gatnaşýar we ilki “Onbaşy” soň bolsa “Ýefreýter” çinlerini alypdy.



Degişli Habarlar