Taryhda 6-njy ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1335134
Taryhda 6-njy ýanwar

1838-nji ýylyň 6-njy ýanwary… Aragatnaşykda täze döwür açan “Mors elipbiýi” Samuel Mors tarapyndan halka tanyşdyrylýar. Surakeş Samuel Mors elektromagnitli ilkinji telegrammany oýlap tapýar.

1921-nji ýylyň 6-njy ýanwary… Anadolyny basyp alan grek goşuny Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Hökümetini syndyrmak üçin herekete geçýär. Grek goşunlarynyň Eskişehire we Afýonyň gündogaryna guran hüjümi bilen taryha 1-nji İnönü söweşi hökmünde geçen çaknyşyk başlaýar. Grek goşuny 2 gün soň Bilejigi alýar.

1984-nji ýylyň 6-njy ýanwary… Tunis “Çörek aýaga galyşyny” başdan geçirýär. Çöregiň nyrhynyň 125 göterim ýokarlamagy sebäpli halk köçelere çykýar. Howpsyzlyk güýçleriniň berk çäre görmegi netijesinde çaknyşyga öwrülen köçe aksiýalarynda 75 adam ýogalýar, müňden gowrak adam saklanýar. Ýurtda adatdan daşary dolanşyk düzgüni yglan edilýär.

2016-njy ýylyň 6-njy ýanwary… Demirgazyk Koreýanyň hökümeti ilkinji gezek gidrogen bombasyny synagdan geçirendigini we synagyň üstünlikli geçendigini beýan edýär. Synag halkara jemgyýetçiliginde berk reaksiýa döredýär, emma Amerikan hökümeti synagyň geçirilendigi bilen bagly delil tapylmandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar