Taryhda 1-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1332887
Taryhda 1-nji ýanwar

 

 

Şu gün 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1959-njy ýylyň 1-nji ýanwary… Kubada diktator Fulgeniko Batista täze ýylyň ilkinji sagatlarynda paýtagt Gawanadan gaçýar. Fidel Kastronyň liderlik edýän ýaragly topary Çe Guewaranyň öňbaşçylygynda Gawana gelmäge başlaýar.

1987-nji ýylyň 1-nji ýanwary… Hytaýyň kommunist hökümeti talyp aksiýalary sebäpli agyr günleri başdan geçirýär. Pekiniň Tiananmen meýdanynda jemlenşen we polisiň gabawyny çaknyşyksyz böwsen 3 müňe golaý talyp “Azatlyk we demokratiýa” talap edip, aksiýalara başlaýarlar. Polis tarapyndan meýdandan çetleşdirilen talyplaryň bir bölegi saklanýar.

1996-njy ýylyň 1-nji ýanwary… Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda gol çekişilen Gümrük Bileleşigi ylalaşygy güýje girýär. Ylalaşyk bilen Türkiýe we ÝB ikitaraply gümrük salgydyny bes edip, ÝB bilen Türkiýäniň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goldaw berilip, ÝB-ne agza  ýurtlaryň Türkiýedäki maýa goýumlarynyň mukdary artdyrylypdy.


Etiketkalar: #Hytaý , #diktator , #Kuba

Degişli Habarlar