Taryhda 31-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1332203
Taryhda 31-nji dekabr

1609-njy ýylyň 31-nji dekabry… Stambulda Soltan Ahmet metjidiniň gurluşygyna badalga berilýär. Binagär Sedefkar Mehmet Aga gurluşygy 8 ýylda tamamlaýar.

1879-njy ýylyň 31-nji dekabry… Amerikaly alym Tomas Edison elektrik lampasyny halka tanyşdyrýar we Pennsiliwaniýa şäheriniň köçeleri elektrik çyralalary bilen ýagtyldylýar.

1943-nji ýylyň 31-nji dekabry… “Gandi” roly bilen tanalýan Oskar baýrakly aktýor Ben Kingsli Britaniýada dünýä inýär.

1968-nji ýylyň 31-nji dekabry… Awstraliýada ýolagçy uçary ýere gaçýar, 26 adam ýogalýar.

1981-nji ýylyň 31-nji dekabry… TRT ilkinji reňkli teleýaýlymyny täze ýyl agşamy üçin taýarlanan ýörite gepleşik bilen amala aşyrýar.

1994-nji ýylyň 31-nji dekabry… Awstriýa, Finlandiýa we Şwesiýa ÝB-ne agza bolýar.

1999-njy ýylyň 31-nji dekabry… Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Boris Ýelsin wezipeden çekilýär. Ýelsin ähli ygtyýarlaryny Premýer ministri Wladimir Putine tabşyrýar.



Degişli Habarlar