Taryhda 30-njy dekabr

Taryhyň Şu Güni

1331525
Taryhda 30-njy dekabr

1517-nji ýylyň 30-njy dekabry… 3 uly din tarapyndan hem mukaddes hasaplanýan Iýerusalim şäheri Ýawuz Soltan Selim tarapyndan zabt edilýär. 1917-nji ýyla çenli Osman döwletiniň häkimiýetinde bolan Iýerusalimde 400 ýyl dowam eden “Asudalyk we parahataçylyk” döwri başlaýar.

1903-nji ýylyň 30-njy dekabry… ABŞ-nyň Çikago şäherinde teatrlardan birinde bolan ýangynda 600-e golaý adam ýogalýar.

1916-njy ýylyň 30-njy dekabry… Russiýada Patyşanyň maşgalasyny täsiri astyna alandygy öňe sürülen Grigori Ýefimowiç Rasputin Sankt Peterburgdaky Ýusupow köşkünde rus asylzadalary tarapyndan öldürilýär.

1922-nji ýylyň 30-njy dekabry… Leniniň liderlik edýän Kommunistik partiýa täze konstitutsiýa bilen ozalky SSSR-iň döredilendigini yglan edýär.

1997-nji ýylyň 30-njy dekabry… Alžirde hökümete garşy radikal ýaragly toparlardan biri 4 obada gyrgynçylyk edýär, 412 adam öldürilýär.

2006-njy ýylyň 30-njy dekabry… Yragyň ABŞ tarapyndan basylyp alynmagyndan soň doglan ýeri Tykridiň golaýynda ele salynan döwlet ýolbaşçysy Saddam Hüseýin öldürilýär.



Degişli Habarlar