Taryhda 29-njy dekabr

Taryhyň Şu Güni

1330825
Taryhda 29-njy dekabr

1940-njy ýylyň 29-njy dekabry… 2-nji Jahan urşunda Britaniýanyň paýtagty London Germaniýanyň harby howa güýçleriniň iň uly hüjümlerinden birine sezewar bolýar. Nemes uçarlary Londona bir gijäniň dowamynda 10 müň ýangyn bombasyny taşlaýar.

1967-nji ýylyň 29-njy dekabry… Kiprde Dr.Fazyl Küçügiň ýolbaçylyk etmeginde Kipriň Wagtlaýyn Türk Dolanşygy” döredilýär.

1972-nji ýylyň 29-njy dekabry… Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde Maýama uçýan ýolagçy uçary uçarmanyň ýalňyşlygy sebäpli şäheriň golaýyndaky batgalyga gaçýar. 101 adam heläk bolýar.

1995-nji ýylyň 29-njy dekabry… “Figen Akat” atly türk gämisiniň batmagy sebäpli başlan “Kardak dartgynlygynda” resmi Ankara Kardak gaýalyklarynyň Türkiýä degişlidigi hakynda Gresiýa nota berýär. Gresiýanyň 1996-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda beren garşy notasy bilen gaýalyklaryň özüne bolandygyny öňe sürmegi dartgynlyga sebäp bolýar.

1996-njy ýylyň 29-njy dekabry… Merkezi Amerika ýurtlaryndan Guatemalada 36 ýyl dowam eden içerki uruş hökümet bilen ekstremist partizanlaryň arasynda gol çekişilen ylalaşyk netijesinde gutarýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar