Taryhda 23-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1327862
Taryhda 23-nji dekabr

1876-njy ýylyň 23-nji dekabry… Osman döwletiniň ilkinji konstitutsiýasy Kanuny Esasy 1-nji Parlamentar monarhiýa geçilmeginden soň yglan edilýär. 1-nji Parlamentar monarhiýa 1878-nji ýylyň 13-nji fewralynda tamamlanýar.

1948-nji ýylyň 23-nji dekabry… Ýaponiýada 2-nji Jahan urşy döwrüniň premýer ministri general Tojo we döwrüň liderlerinden 6 adam genosid we harby jenaýat sebäpli Tokioda ölüm jezasyna höküm edilýär.

1972-nji ýylyň 23-nji dekabry… Nikaraguanyň paýtagty Managuny ýer bilen ýegdan eden 6,3 bala barabar ýer titremesinde 10 müň adam pida bolýar.

1973-nji ýylyň 23-nji dekabry… Eýranyň paýtagty Tähranda ýygnanşan nebit öndüriji ýurtlaryň wekilleri nebitiň nyrhyny 130 göterim ýokarlandyrýar we ABŞ bilen Gollandiýa nebit geçirmegi bes edýär.

1984-nji ýylyň 23-nji dekabry… Russiýada Aeroflot howaýollaryna degişli ýolagçy uçary hereketlendirijisiniň ýanmagy sebäpli Krasnoýarsk howa menziline gonýarka ýere gaçýar, 110 ýolagçy pida bolýar.

1995-nji ýylyň 23-nji dekabry… Hindistanyň Dabwali şäherinde täze ýyl dabarasynda bolan ýangynda 170 sanysy çaga, 540 adam ýogalýar.



Degişli Habarlar