Taryhda 10-njy oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1284963
Taryhda 10-njy oktýabr

680-nji 10-njy oktýabry… Yragyň Kerbela şäheriniň golaýynda Muhammet Pygamberiň agtygy Hüseýin we ýanyndakylar Emewi halyfy Ýezidiň esgerleri tarapyndan öldürilýär. Bu waka taryha “Kerbela gyrgynçylygy” hökmünde geçýär.

1780-nji ýylyň 10-njy oktýabry… Karaipde gelen tüweleý 20 müň adamyň ölmegine sebäp bolýar.

1911-nji 10-njy oktýabry… Hytaýda Sun Ýat-Seniň liderligindäki respublikaçylar Mançu dinastiýasyny tagtdan agdarýar.

1933-nji 10-njy oktýabry… “United Airlines” howaýollaryna degişli uçarlardan birine sabbotaž guralýar. Ol, sabbotaž bilen urluş düşürilen ilkinji raýat uçar bolýar.

1944-nji 10-njy oktýabry… 800 sygan çagasy faşistler tarapyndan Oswensim konslagerinde öldürilýär.

1986-njy 10-njy oktýabry… Al Salwadorda 7,5 bala barabar ýer titremesinde 1,5 müňe golaý adam pida bolýar.

1999-njy 10-njy oktýabry… “Ýylanlaryň ary” ýaly köp sanly kitabyň awtory Fakir Baýkurt dünýeden ötýär.

2015-nji 10-njy oktýabry… Abžarada geçirilen “Zähmet, parahatçylyk, demokratiýa” mitinginden ozal 2 partlama bolýar, 102 adam aradan çykýar, 391 adam ýaralanýar.

2017-nji 10-njy oktýabry… ABŞ-nyň türk raýatlarynyň wizatutmalaryny kabul etmezlik hakyndaky kararyna Türkiýe garşylyk görkezýär, ABŞ-nyň raýatlarynyň wiza islegleri saklanýar.



Degişli Habarlar