Taryhda 5-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1281997
Taryhda 5-nji oktýabr

1864-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Hindistanyň Kalkutta şäherinde güýçli tupanda 60 müň adamyň pida boldy.

1908-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Bolgariýa Osman imperiýasyndan garaşsyzlygyny yglan edýär. Şol gün Awstriýa-Wengriýa imperiýasy Bosniýa-Gersegowinany basyp alýar.

1915-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Bolgariýa Antanta girýän ýurtlar bilen 1-nji Jahan urşuna gatnaşýar.

1930-njy ýylyň 5-nji oktýabry… Dünýäniň iň uzyn dirižably Fransiýada ýere gaçýar, 48 adam pida bolýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolan ýer titremesinde 110 müň adam pida bolýar.

1958-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Fransiýada 5-nji respublika yglan edilýär. Şarl de Gol prezidentlige saýlanýar.

1970-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Anwar Sadat Müsüriň prezidentligine saýlanýar. Sadat 11 ýyl soň şol gün gatnaşan dabarasynda öldürilýär.

1979-njy ýylyň 5-nji oktýabry… Ýasar Arafat Türkiýä gelýär, Ankarada Palestinany Azat ediş guramasynyň resmi wekilhanasy açylýar.

2000-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Belgradda köpçülikleýin demonstrasiýalar netijesinde Milosewiç Serbiýanyň prezidentliginden çekilmäge mejbur bolýar.

2011-nji ýylyň 5-nji oktýabry… Amerikaly meşhur telekeçi we açyjy Stiw Jobs dünýeden ötýär.

 


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar