Taryhda 3-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1280442
Taryhda 3-nji oktýabr

1906-njy ýylyň 3-nji oktýabry…  Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen 1-nji Rasiýa we Telegraf maslahatynda “S.O.S” howp duýduryşy hökmünde kabul edilýär.

1922-nji ýylyň 3-nji oktýabry… Türkiýäniň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we İtaliýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Mudanýa maslahaty başlaýar. 8 gün soň Mudanýa ylalaşygyna gol çekişilýär.

1929-njy ýylyň 3-nji oktýabry… Serpler, horwatlar we slowenler Ýugoslawiýa Şalygyny gurýarlar.

1971-nji ýylyň 3-nji oktýabry… Sowet Soýuzy we ABŞ Strategik ýaraglary çäklendirmek hakyndaky SALT ylalaşygyna gol çekişýärler.

1990-njy ýylyň 3-nji oktýabry… 2-nji Jahan urşundan 45 ýyl soň Gündogar we Günbatar Germaniýa birleşýär.

2005-nji ýylyň 3-nji oktýabry… Lýuksemburgda geçirilen Hökümetara maslahatda ÝB bilen Türkiýäniň arasynda agzalyk gepleşikleri başlaýar.

2009-njy ýylyň 3-nji oktýabry… Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy Nahiçewan Ylalaşygy bilen Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk guramasyny döredýärler.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar