Taryhda 2-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1279791
Taryhda 2-nji oktýabr

1187-nji ýylyň 2-nji oktýabry… Salahaddin Aýýubi Iýerusalimi alýar we 88 ýyl dowam eden Haçparaz basybalyjylygyny ortadan aýyrýar.

1869-njy ýylyň 2-nji oktýabry… Hindistanyň azat ediji lideri Mahatma Gandi Parbandarda dünýä inýär.

1923-nji ýylyň 2-nji oktýabry… Mustafa Kemalyň “Gelişleri ýaly giderler” diýen basybalyjy güýçlerine degişli soňky goşun Stambuldan gidýär.

1990-njy ýylyň 2-nji oktýabry… Hytaýyň howaýollaryna degişli ýolagçy uçary zamun alynýar. Uçar Guanžoa howa menziline gonandan soň iki uçara kakýar, 132 adam pida bolýar.

1992-nji ýylyň 2-nji oktýabry… Egeý deňizinde dowam edýän türgenleşikde ABŞ-nyň uçar gämisinden atylan iki raketa harby kömek gämisine gelip düşýär, 5 sany türk deňizçisi şehit bolýar.

1996-njy ýylyň 2-nji oktýabry… Peruwyň howaýollaryna degişli ýolagçy uçary Atlantik okeanyna gaçýar, 70 adam ýogalýar.

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabry… ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde guralan aýdym-saz festiwalyna ýaragly hüjüm guralýar, 58 adam ýogalýar, 500-den gowrak adam ýaralanýar.

2018-nji ýylyň 2-nji oktýabry… Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy wiza almak üçin ýurdunyň Stambuldaky Başkonsullygyna barýar we şol ýerde öldürilýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar