Taryhda 28-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1277697
Taryhda 28-nji sentýabr

1538-nji ýylyň 28-nji sentýabry… Gresiýanyň demirgazyk günbataryndaky Prewezede generel Barbaros Haýrettin serkerdäniň baştutanlyk edýän Osman deňiz floty Andrea Dorianyň serkerdelik edýän Haçparaz flotuny ýok edýär.

1864-nji ýylyň 28-nji sentýabry… Halkara Zähmetkeşler jemgyýeti Londonda döredilýär.

1970-nji ýylyň 28-nji sentýabry… Arap milletçiligi bilen tanalýan Siriýa bile Birleşen Arap Döwletini guran, 14 ýylyň dowamynda Müsüriň döwlet Ýolbaşçysy bolan Jemal Abdul Nasyr ýürek agyry sebäpli ölýär.

1989-nji ýylyň 28-nji sentýabry… 1965-1986-nji ýyllaryň aralygynda Filippibini dolandyran we ýurdunyň milliardlarça dollar serişdesini hasabyna geçirendigi ýüze çykarylan diktator Ferdinand Markos ABŞ-nyň Hawai ştatynda aradan çykýar.

1994-nji ýylyň 28-nji sentýabry… “Estoniýa” atly gämi Baltika deňizinde batýar, 852 adam pida bolýar.

1995-nji ýylyň 28-nji sentýabry… Palestinany Azat Ediş guramasynyň lideri Ýaser Arafat bilen Ysraýylyň Premýer ministri İzak Rabin Günbatar Şerianyň Palestina berilmegi üçin ylalaşýar.

2016-njy ýylyň 28-nji sentýabry… Premýer ministr Erdogan tarapyndan 2009-njy ýylda Dawos maslahatynda: “Öldürmäge gezek gelende siz öldürmegi gowy bilýäňiz, plýažlardaky çagalary nähili öldürýändigiňizi nähili öldürýäniňizi gowy bilýärin” diýlip, tankyt edilen Ysraýylyň Prezidenti Şimon Peres aradan çykkýar. Dawosdaky waka dünýä taryhyna “one minute” hökmünde geçýär.

 


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar