Taryhda 27-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1277200
Taryhda 27-nji sentýabr

1529-njy ýylyň 27-nji sentýabry… Osman imperiýasy Wena galasyna baryp ýetýär. Kanuny Soltan Süleýmanyň serkerdelik edýän Osman goşunlary 1-nji Wena gurşawyny başladýar.

1590-njy ýylyň 27-nji sentýabry… Papa Urban 7-nji saýlanmagyndan 13 gün soň täç geýinme dabarasyna hem gatnaşyp bilmän dünýeden ötýär. Urban taryhda iň gysga möhlet höküm süren Papa bolýar.

1917-nji ýylyň 27-nji sentýabry… Suratkeşlik sunagynda “Synçylyk” akymynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan fransuz suratkeşi Edgar Degaz Parižde dünýeden ötýär.

1922-nji ýylyň 27-nji sentýabry… Anadolyny basyp almak üçin türk goşunlary bilen girişen urşundan ýeňilen grek şasy Konstantin 1-nji häkimiýetden el çekýär.

1961-nji ýylyň 27-nji sentýabry… Siriýada harby agdarlyşyk guralýar. Agdarlyşyk bilen iş başyna geçen hökümet Müsüriň we Siriýanyň Baas partiýalarynyň guran Birleşen Arap Respublikasyndan aýrylýandyklaryny beýan edýärler.

1971-nji ýylyň 27-nji sentýabry… Türkiýe-Eýran demir ýoly Wan gämi portunda guralan dabara bilen açylýar. Açylyşa Prezident Jewdet Sunaý we Eýranyň şasy Pehlewi gatnaşýar.

1998-nji ýylyň 27-nji sentýabry… “Googlyň” gözleg ulgamy ulanmaga berilýär.

2013-nji ýylyň 27-nji sentýabry… Türk kino we teatr aktýory Tunjel Kurtiz dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar