Taryhda 25-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1275573
Taryhda 25-nji sentýabr

1396-njy ýylyň 25-nji sentýabry… Osman döwleti bilen Haçparaz goşunlary Nigboluda söweşe girişýär. Haçparaz güýçlerini derbi dagyn eden Patyşa Ýyldyrym Baýezyd Nigbolu ýeňişini gazanýar.

1950-nji ýylyň 25-nji sentýabry… BMG-niň goşunlary Koreýa urşunda Seuly alýar. Şol gün BMG-niň buýrugyna tabynlykdaky türk dwiziýasy söweşe gatnaşmak üçin İskenderundan ýola düşýär.

1957-nji ýylyň 25-nji sentýabry… ABŞ-nyň Arkansas ştatynda 9 sany garaýagyz çaganyň akýagyzlaryň okaýan mekdebine okuwa barmagy akýagyzlar tarapyndan protest edilýär.

1970-nji ýylyň 25-nji sentýabry… “Günbatarda täzelik ýok” kitabynyň awtory Erik Maria Remarki dünýeden ötýär.

1993-nji ýylyň 25-nji sentýabry… Türkiýeden bikanun alynyp gidilen we ABŞ-nyň Metropolitan muzeýinde sergilenýän 432 bölekden ybarat “Harunyň hazynasy” Türkiýä getirilýär.

2012-nji ýylyň 25-nji sentýabry… Türk halk bagşysy Neşet Ertaş 75 ýaşynda wepat bolýar.

2017-nji ýylyň 25-nji sentýabry… Germaniýada geçirilen umumy saýlawlarda 2-nji Jahan urşundan näri ilkinji gezek rasist partiýa mejlisde wekilçilik edilmäge hukuk gazanýar.

2017-nji ýylyň 25-nji sentýabry… Yragyň demirgazygyndaky Kürt awtanomiýasy garaşsyzlyk üçin referendum geçirýär. Yrak, Türkiýe, Eýran we Siriýa sebitde diýdim zorluga ýol bermejekdiklerini beýan edýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar