Taryhda 19-njy sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1272056
Taryhda 19-njy sentýabr

1575-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Osman patyşasy Soltan Murat 3-nji Stambul Obserwatoriýasyny açýar. Obserwatoriýa 5 ýyl soň ýapylýar.

1921-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Sakarýa Meýdan söweşinden soň M.Kemal serkerdä “Marşal” çini “Gahrymanlyk” ady berilýär.

1935-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Germaniýada faşistik hökümet ýehudileriň döwlet pudagynda işlemegini gadagan edýär.

1951-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Demirgazyk Atlantika Pakty Türkiýäni we Gresiýany NATO agzalyga çagyrýar.

1955-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Argentinanyň Prezidenti Ýan Peron harby agdarlyşyk bilen häkimiýetden çetleşdirilýär.

1976-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Türk Howaýollarynyň “Antalýa” atly uçar Ysparta şäheriniň golaýynda ýere gaçýar, 154 ýolagçy heläk bolýar.

1985-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Meksikanyň paýtagty Meksikoda bolan 8,2 bala barabar ýer titremesinde 10 müňden gowrak adam ýogalýar.

2002-nji ýylyň 19-njy sentýabry… Ysraýylyň tanklary Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Ýaser Arafadyň Ramallahdaky kabulhanasyna girýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar