Taryhda 16-njy sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1269898
Taryhda 16-njy sentýabr

1810-njy ýylyň 16-njy sentýabry… MEksikada ispan häkimiýetine garşy garaşsyzlyk söweşi başlaýar.

1890-njy ýylyň 16-njy sentýabry… Ýaponiýa saparyndan gaýdyşyn Kuşimoto adasynyň ýalpaklarynda tupana sezewar bolan “Ertugrul” fyrkaty gaýalyga kakýar. 540 türk deňizçisi şehit bolýar, 69 deňizçi halas bolýar.

1959-njy ýylyň 16-njy sentýabry… Fransiýanyň Prezidenti Şarl de Goll Alžiriň geljegini geçiriljek referendum arkaly kesgitlemegini isledi. 4 ýyl soň şol gün Ahmet Bin Bella Alžiriň ilkinji döwlet ýolbaşçylygyna saýlanýar.

1961-nji ýylyň 16-njy sentýabry… Ýassyada kazyýeti tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilen  ministrler Fatin Rüştü Zorlu we Hasan Polatkanyň jezalary İmralyda amal edildi.

1978-nji ýylyň 16-njy sentýabry… Eýranda bir minut dowam eden ýer titremesinde 20 müň adam pida bolýar.

1982-nji ýylyň 16-njy sentýabry…Ysraýylyň tarapyny tutýan Falanžist başbozarlar Beýrutdaky Sabra we Şatilla bosgun düşegelerine hüjüm edip, çagalar bilen birlikde ýüzlerçe palestinalyny gyrýar.

2013-nji ýylyň 16-njy sentýabry… Siriýa degişli harby dik uçar türk F-16-lary tarapyndan serhedi bozandygy sebäpli urlup düşürilýär.

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry… Türk kino aktýory Taryk Akan dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar