Taryhda 4-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1263211
Taryhda 4-nji sentýabr

476-njy ýylyň 4-nji sentýabry… Günbarat Rim İmperiýasy germenler tarapyndan dargadylýar.

1063-nji ýylyň 4-nji sentýabry… Beýik Seljuk döwletiniň esaslandyryjysy Togrul batyr Eýranyň Reý şäherinde 73 ýaşynda dünýeden ötýär.

1682-nji ýylyň 4-nji sentýabry… İňlis astronomy Edmond Heli öz ady goýulan kometanyň geçiş möhletini doly 76 ýyl hökmünde hasaplandygyny dünýä yglan edýär.

1919-njy ýylyň 4-nji sentýabry… M.Kemal serkerdäniň çykyşy bilen başlan Siwan kongresi açylýar. Kongres Anadolynyň basylyp alynmagyna garşy Anadoly we Rumeliýe Hukuk Goraýyş Jemgyýetiniň döredilmegine we 15 adamdan ybarat wekilçilik toparynyň dördilmegi hakynda karar kabul edýär. Wekilçilikli toparyň başlyklygyna M.Kemal serkerde saýlanýar.

1957-nji ýylyň 4-nji sentýabry… ABŞ-nyň Arkansas ştatynyň gubernatory garaýagyz okuwlaryň şäher merkezindäki liseýlere ýazylmagynyň öňüni almak üçin Milli goragçylary iş başyna çagyrýar. Waka ABŞ-nyň rasizme garşy göreş taryhyna “Littl Rok” dartgynlygy ady bilen ýazylýar.

1963-nji ýylyň 4-nji sentýabry… Şweýsar howaýollarynyň ýolagçy uçary Şweýsariýanyň Dýurenaç etrapçasynyň golaýynda ýere gaçýar, 80 adam pida bolýar.

1971-nji ýylyň 4-nji sentýabry… Alýaska howaýollaryna degşli ýolagçy uçary Alýaska Žuneunyň golaýynda ýere gaçýar, 111 adam heläk bolýar.

1988-nji Bangladeşde gelen sil sebäpli 300 adam ýogalýar, 20 million adam öýsiz galýar.

1997-nji ýylyň 4-nji sentýabry… İýerusalim bazarynyň merkezinde Hamas tarapyndan guralan 3 sany bombaly hüjümde 7 adam ýogalýar, 192 adam ýaralanýar.

2009-njy ýylyň 4-nji sentýabry… Owganystanyň Gunduz welaýatynda NATO degişli uçarlaryň Taliban tarapyndan zamun alynandygy öňe sürülen nebit tankerlerine guralan howa hüjümi sebäpli 90 adam pida bolýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar