Taryhda 1-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1261625
Taryhda 1-nji sentýabr

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabry… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1715-nji ýylyň 1-nji sentýabry… 5 ýaşynda tagta çykan we Fransiýany 72 ýyl dolandyran fransuzlaryň “Gün Şasy” Lui 14-nji dünýeden ötýär.

1908-nji 1-nji sentýabry… Hijaz demir ýoly Stambulda guralan dabara bilen ulanmaga berilýär. Stambuldan Medinä ilkinji otly sapary guralýar.

1922-nji 1-nji sentýabry… Dumlupynar ýeňişinden soň Serkerdebaşy Mustafa Kemal taryhy buýrugyny berýär: “Goşunlar! İlkinji nyşanaňyz Ortaýer deňzi! Öňe!...”

1923-nji 1-nji sentýabry… Ýaponiýanyň Tokio we Ýokohama şäherlerinden bolan ýer titremesinde 300 müňe golaý adam ýogalýar.

1939-njy 1-nji sentýabry… Germaniýanyň Polşa hüjüm etmegi bilen 2-nji Jahan urşy başlaýar. Millionlarça adamyň ýogalan söweşiniň 50-nji ýylynda 1-nji sentýabr “Bütindünýä parahatçylyk güni” hökmünde yglan edilýär.

1969-njy 1-nji sentýabry… Ofiser Muammer Kaddafi Liwiýada harby agdarlyşyk bilen Şa İdris 1-njini tagtdan agdarýar.

1985-nji 1-nji sentýabry… Amerikaly okeanograf Robert Ballard we topary 1912-nji ýylda batan Titanik gämisini tapýar.

2017-nji 1-nji sentýabry… Mýanmanyň howpsyzlyk güýçleri Arakanda asuda ilata hüjüm edýar. 400-e golaý arakanly musulman aradan çykýar.


Etiketkalar: #serkerde , #musulman , #Arakan

Degişli Habarlar