Taryhda 05-nji awgust

Taryhyň Şu Güni başlaýar

1247794
Taryhda 05-nji awgust

1583-nji ýylyň 5-nji awgusty… Iňlis jahankeşdesi Hampreý Gilbert Nýufondland atlandyrylýan Demirgazyk Amerikadaky ilkinji iňlis koloniýasyny döredýär.

1858-nji ýylyň 5-nji awgusty… ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda ilkinji transatlantrik kabel çekilýär.

1921-nji ýylyň 5-nji awgusty… M.K. Atatürk türk goşunlarynyň serkerdebaşysy bolýar.

1944-nji ýylyň 5-nji awgusty… Rumyniýadan ugran we faşistlerden gaçan 383 ýehudini alyp gaýdan “Mefkure” gämisi kime degişlidigi näbelli deňizasty gämisi tarapyndan Gara deňizde suwa batyrylýar

1949-njy ýylyň 5-nji awgusty… Ekwadordaky ýer tütremesinde 50 oba ýykylýar, 6 müňden gowrak adam pida bolýar.

1962-nji ýylyň 5-nji awgusty… Amerikaly aktrisa Merilin Monro dünýeden ötýär. Golliwuddaky öýünde aradan çykan 36 ýaşly Monronyň öz janyna kast edendigi habar berilýär.

1962-nji ýylyň 5-nji awgusty… Nelson Mandela tussag edilýär. 28 ýyl tussaglykda saklanan Mandela 1990-njy ýylda boşadylýar.

1971-nji ýylyň 5-nji awgusty… Türkiýe Hytaý Halk Respublikasyny resmi taýdan ykrar edýär.

1998-nji ýylyň 5-nji awgusty… Müňlerçe türki göçmäge mejbur eden we uzak ýyllar Bolgariýany diktatorlyk bilen dolandyran Todor Žiwkow Sofiýada ölýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar