Taryhda 2-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1246368
Taryhda 2-nji awgust

1492-nji ýylyň 2-nji awgusty… İspaniýada dinini üýtgetmegi kabul etmedik musaýylar öýlerini terk edip, Osman imperiýasyna tarap ýola düşýär.

1865-nji ýylyň 2-nji awgusty… Lewis Karollyň “Alis Ertekiler Diýarynda” kitaby çapdan çykýar.

1914-nji ýylyň 2-nji awgusty… Osman imperiýasy 1-nji Jahan urşy üçin mobilizlenme yglan edýär.

1934-nji ýylyň 2-nji awgusty… Adolf Gitler Germaniýanyň “Fýureri” yglan edilýär. Ýurtda 2-nji Jahan urşunyň turmagyna sebäp bolan totolitar dolanşyk başlaýar.

1945-nji ýylyň 2-nji awgusty… 2-nji Jahan urşundan soň döwür üçin Potsdamda duşuşan ABŞ-nyň Prezidenti Nehri Truman, Britaniýanyň Premýer ministri Winston Çerçil, Sowet Soýuzynyň lideri İosef Stalin gepleşiklerini tamamlaýar. Germaniýa; Amerikan, iňlis, fransuz we Sowet serkerdeleri tarapyndan dolandyryljak dört zolaga bölünýär.

1990-njy ýylyň 2-nji awgusty… Yragyň harby goşunlary Saddam Hüseýiniň buýrugy bilen Kuweýti basyp alýar.


Etiketkalar: #taryh , #awgust

Degişli Habarlar