Taryhda 23-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1222756
Taryhda 23-nji iýun

1894-nji ýylyň 23-nji iýuny… Halkara Olimpiada Komiteti Parižde döredilýär.

1901-nji ýylyň 23-nji iýuny… Respublika döwrüniň ilkinji mugallymlaryndan, roman, kyssa, esse görnüşli eserleriň awtory we goşgulary bilen giň okyjy köpçüligi tarapyndan söýülen Ahmet Hamdi Tanpynar dünýä inýär.

1939-njy ýylyň 23-nji iýuny… Fransiýa bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda Fransiýa Hataý welaýaty boýunça ähli hukuky talaplaryndan el çekip, şäheriň Türkiýäniň welaýaty görnüşinde birleşdirilmegini kabul edýär.

1954-nji ýylyň 23-nji iýuny… Professor Nüzheý Gökdogan Stambul uniwersitetiniň dekanlygyna saýlanan ilkinji zenan dekan derejesine eýe bolýar.

2011-nji ýylyň 23-nji iýuny… Bütin dünýäde oýnan Komissar Kolumbo roly bilen tanalýan “emmi” baýragynyň laureaty amerikaly aktýor Peter Falk dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar