Taryhda 19-njy iýun

Taryhyň Şu Güni

1221136
Taryhda 19-njy iýun

1865-nji ýylyň 19-njy iýuny… Abraham Linkolnyň garaýagyz gullara azatlyk yglan edendigine garamazdan ony ýerine ýetirmedik Tehas ştatyna harby goşunyň gelmegi we prezidentiň buýrugyny okamagy bilen ABŞ-da gulçulyk bes edilýär.

1910-njy ýylyň 19-njy iýuny… Dünýäde ilkinji gezek Amerikada Spokan şäherinde kakalar güni bellenilip geçilýär.

1934-nji ýylyň 19-njy iýuny… Eýranyň Şasy Ryza Pehlewi we Atatürk ilkinji türk operasy bolan Özsoýa Ankaranyň Halk öýünde tomaşa edýärler. Şol eser Eýranyň Şasynyň Türkiýe saparynda sahna goýulmagy üçin Şanamadan alynýar.

1973-nji ýylyň 19-njy iýuny… Bütinünýä söýgi bileleşigi medaly “Söý doganym” we “Durmuş baýramçylyk bolsa” aýdymlary üçin Şenaýa berilýär.

1973-nji ýylyň 19-njy iýuny… Kyssalar, gurjak teatry, dessanlar, folklor barlaglaryny geçiren türk edebiýat taryhçysy Tahir Alangu aradan çykýar.

 


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar