Taryhda 12-nji aprel

Taryhyň şu güni

1182041
Taryhda 12-nji aprel

1861-nji ýylyň 12-nji apreli…Günorta Karolaýna ştatynda Amerikan içerki urşy turýar. Söweş sebäpli jemi 620 müň adam pida bolýar.

Türk taryhynyň ilkinji çeşmelerden öwrenilmegi üçün M.K.Atatürkiň görkezmesi bilen 1931-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türk Taryhyny Öwreniji Jemgyýet döredilýär.

1937-nji ýylyň 12-nji apreli… Makber we Eşber ýaly eserleri bilen tanalýan türk şahyry, ýazyjy we diplomat Abdülhak Hamid Tarhan dünýeden ötýär.

1961-nji ýylyň 12-nji apreli… Sowet Soýuzy älem giňişligini ilkinji uçuşyny amala aşyrýar. Wostok 1 bilen älem giňişligine giden mosmonawt Ýuri Gagarin älem giňişliginde 108 minut bolýar.

Soňky ýyllarda Atatürk Medeniýet Merkezi atlandyrylan Stambul Medeniýet Köşki 1969-njy ýylyň 12-nji aprelinde Aida operasiýa we Çeşmebaşy baleti bilen açylýar.

1981-nji ýylyň 12-nji apreli… İlkinji emeli hemra Kolumbiýadan uçurylýar. Hemradan iki astronawt kosmos ýörişini geçirýär.


Etiketkalar: #Taryh , #ABŞ , #kosmos

Degişli Habarlar