Taryhda 4-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1176548
Taryhda 4-nji aprel

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 4-nji apreli… Taryhyň şu güni başlaýar.

1814-nji ýylyň 4-nji apreli… Napolýon ilkinji gezek tagtyndan çekilýär.

1913-nji ýylyň 4-nji apreli… Osman imperiýasynda “Zenanlar Dünýäsi” atly žurnal çap edilmäge başlanýar

1949-njy ýylyň 4-nji apreli… NATO döredilýär. Waşingtonda ABŞ, Belgiýa, Daniýa, Fransiýa, Lýuksemburg, Norwegiýa we Portugaliýa Demirgazyk Atlandik Pakty guramasynyň döredilmegi baradaky ylalaşyga gol çekişdiler.

1953-nji ýylyň 4-nji apreli… Deňiz güýçleriniň “Dumlupynar” deňizasty gämisi NATO-nyň türgenleşiginden gaýdyp gelýärkä Dardanel bogazynda Şwesiýanyň “Naboland” gämisi bilen kakyşyp, deňize batýar.

1968-nji ýylyň 4-nji apreli… Afrikaly-Amerikaly baptist molla we Amerikan raýat hukuklary hereketiniň öňbaşçysy Martin Luther King öldürilýär.

1979-njy ýylyň 4-nji apreli… Pakistanyň Premýer ministri Zülfikar Ali Butto asylyp öldürilýär.

1997-nji ýylyň 4-nji apreli… Türk harbysy we syýasatçysy Alparslan Türkeş dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar