Taryhda 31-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1173697
Taryhda 31-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 31-njy marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1727-nji ýylyň 31-njy marty… Iňlis matematigi we fizik Isak Nýuton Londonda aradan çykýar.

1855-nji ýylyň 31-njy marty… “Jeýn Eýriň” awtory, iňlis edebiýatynyň klassikalarynyň arasyna goşulan eserleri bilen tanalýan Şarlotta Bronte aradan çykýar.

1872-nji ýylyň 31-njy marty… Russiýada jemgyýetçilik däp-dessurlary we zenanlaryň pozisiýasyny düýpli özgetmegi üçin alyp baran tagallasy bilen meşhurlyk gazanan Sowet ýazyjysy we diplomaty Aleksandra Kollontaý dünýä inýär.

1889-njy ýylyň 31-njy marty… Fransuz ynkylabynyň 100-nji ýyllygy mynasybetli gurlan fransuzlaryň dünýä belli Eýfel minarasy açylýar.

1917-nji ýylyň 31-njy marty… Amerika Wirginiýa adalarynyň bir bölegi Daniýadan 25 million amerikan dollaryna satyn aldy.

1998-nji ýylyň 31-njy marty… Ermenileriň we beýleki halklaryň azerbaýjanlylara garşy eden gyrgynçylyklaryndan pida bolanlary hatyralamak üçin “Azerbaýjanlylaryň gyrgynçylyk güni” hökmünde yglan edilýär.


Etiketkalar: #fizik , #minara , #gyrgynçylyk

Degişli Habarlar