Taryhda 26-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1170605
Taryhda 26-njy mart

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 26-njy marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

922-nji ýylyň 26-njy marty…  Eýranly sufi we ýazyjy Hallajy Mansur Abbasy Halyfy Muktedir Billahyň buýrugy boýunça öldürilýär.

1931-nji ýylyň 26-njy marty… Amerikaly aktýor, režisýor, sazanda we fotosuratçy Leonardo Simon Nimoý dünýä inýär. Dünýä Nimoýy Mr.Spok roly bilen tanaýar.

1931-nji ýylyň 26-njy marty… Türkiýede Ölçegler kanunynyň kabul edilmegi bilen; okga, andaza ýaly köne ölçeg birlikleriniň ýerine gram, metr, litr ýaly täze ölçeg birlikleri ulanylmaga başlanýar.

1979-njy ýylyň 26-njy marty… Anwar Sadat, Menahem Begin we Jimmi Karter Waşingtonda Ysraýyl-Müsür Ýaraşyk şertnamasyna gol çekişýärler.

1995-nji ýylyň 26-njy marty… Ýewropa Ykdysady Toparyna agza ýurtlaryň arasynda gümrük geçelgelerindäki polis hem-de gümrük gözegçilikleriniň doly aýrylmagy baradaky Şengen ylalaşygy kabul edilýär.



Degişli Habarlar