Taryhda 16-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1164688
Taryhda 16-njy mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 16-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1920-nji ýylyň 16-nji marty… Osman imperiýasy bilen Antanta girýän döwletleriň arasynda gol çekişilen Mondros ýaraşyk şertnamasyndan soň pagtagt Stambul 2-nji gezek basylyp alynýar.

1921-nji ýylyň 16-nji marty… Sowet Soýuzy Ankara hökümetini resmi taýdan ykrar edýär we Moskwa ylalaşygyna gol çekişilýär. Şol ylalaşyk Türk azat edijilik söweşiniň dowamynda Ankara hökümeti tarapyndan halkara derejesinde gol çekişilen ilkinji ylalaşyk bolýar.

1968-nji ýylyň 16-nji marty… Wiýetnam söweşinde Mi Lai gyrgynçylygy edilýär. Asuda ilatdan 347 adam gyrylýar.

1988-nji ýylyň 16-nji marty… Zäherli gaz bombalaryny göterýän 8 uçar tarapyndan Yrakda Halapça etrapçasyna bombardyman edilýär. Saddam Hüseýiniň buýrugy bilen guralan hüjümde 5 müňden gowrak adam ölýär, 7 müňden adam ýaralanýar.

2014-nji ýylyň 16-nji marty… Krym jedelli referendum bilen Ukrainadan aýrylyp Russiýa birikmegi kabul edýär.

1998-nji ýylyň 16-nji marty… Türk folklorçysy, halk edebiýatyny we folklory öwreniji Pertew Naili Borataw aradan çykýar. Borataw 2 müň erteki, 40 sany halk dessanyny, çagalar oýunlaryny, aýdym-sazlary, şygyrlary öz içine alýan baý arhiw döredýär.



Degişli Habarlar