Taryhda 10-njy mart
Taryhyň Şu Güni
Şu gün 2019-njy ýylyň 10-njy marty… Taryhyň şu güni başlaýar.
1876-njy ýylyň 10-njy marty… Graham Bell we kömekçisi Tomas Watson ilkinji telefon gepleşigini geçirýärler.
1910-njy ýylyň 10-njy marty… Golliwudda surata alynan ilkinji film “In old Kaliforniýa” görkezilmäge başlanýar.
1919-njy ýylyň ýylyň 10-njy marty… Hytaýda gulçulyk bes edilýär.
1920-nji ýylyň 10-njy marty… Gresiýanyň Premýer ministri Wenizelosyň gatnaşmagyndaky maslahatda Stambulyň resmi taýdan basylyp alynmagy we Milli güýçleriň öňbaşçylaryň tussag edilmegi barada karar kabul edilýär.
1945-nji ýylyň 10-njy marty… Tokio bombardymany… ABŞ-nyň Tokio napalm bombalary ýüklenen 344 sany B-29 uçary bilen guran bombardyman hüjümi. ABŞ 2-nji Jahan urşunyň dowamynda 1944-nji ýylyň 10-njy noýabryndan başlap Tokio 106 gezek bombardyman guraýar. Esasanda 10-njy martda guran howa hüjümi Uly Tokio bombardymany atlandyrylýar. Hüjümde 7415 adam pida bolýar, 178 müň öý ýanýar.
1956-njy ýylyň 10-njy marty… Baş ýepiskop Makariosyň 9-njy martda ýurtdan çykarylmagyndan soň Kiprde aýaga galyşlar başlaýar.
1999-njy ýylyň 10-njy marty… Türk şahyry Salah Birsel dünýeden ötýär.