Taryhda 6-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1157893
Taryhda 6-njy mart

Şu gün 2019-njy ýylyň 6-njy marty… Taryhyň şu güni başlaýar.

1714-nji ýylyň 6-njy marty…Dimitri Mendeleýew ilkinji periodiki tablisany çap edýar. Periodiki tablisa himiki elementleriň synplandyrylmagy üçin düzülýär.

1902-nji ýylyň 6-njy marty…FİFA tarapyndan 20-nji asyryň iň başarjaň futbol kluby yglan edilen Real Madrid döredilýär.

1920-nji ýylyň 6-njy marty…Milli we taryhy hekeýatlary bilen meşhur bolan Ömer Seýfettin 36 ýaşynda dünýeden ötýär.

1946-njy ýylyň 6-njy marty… İlkinji ýokary tizlikli elektronik kompýuter “Eniak” ABŞ-da ulanylmaga berilýär. “Eniak” elektronik-digital kompýuter tehnologiýasynyň başlangyjy hökmünde 1955-nji ýyla çenli ulanylýar.

1955-nji ýylyň 6-njy marty… Azerbaýjanyň esaslandyryjysy Mehmet Emin Resulzade aradan çykýar. Mehmet Emin Resulzade 1917-nji ýylda ilkinji Türk respublikalaryndan Azerbaýjany gurýar. Emma birnäçe ýyl soň Sowet Soýuzy Azerbaýjany basyp alýar.

1964-nji ýylyň 6-njy marty… Kasius Kleý resmi taýdan Muhammed Ali adyny alýar. Ähli döwürleriň iň başarjaň boksçysy kabul edilýän Muhammed Ali ömründe diňe 5 gezek ýeňilýär.

1995-nji ýylyň 6-njy marty… 1963-nji ýylda Türkiýäniň Ankara Şertnamasy bilen başladan Ýewropa utgaşyklyk tapgyrynda täze bir başlangyç edilýär. ÝB-ne agza 15 ýurt bilen Türkiýäniň arasyndaky Gümrük Bileleşigi Ylalaşygyna Daşary işler ministri Murat Karaýalçyn tarapyndan gol çekişilýär.

 


Etiketkalar: #taryh , #mart , #VB , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar