Taryhda 1-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1154845
Taryhda 1-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 1-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1872-nji ýylyň 1-nji marty… Dünýäniň ilkinji milli goraghanasy bolan “Ýellowston Milli Goraghanasy” 1872-nji ýylyň 1-nji martynda açylýar. Amerikanyň İdaho, Montano we Wýoming ştatlarynda ýerleşýän goraghananyň ululygy 9 müň inedördül kilometr.

1978-nji ýylyň 1-nji marty… Çarli Çapliniň meýdi Şweýsariýadaky gonamçylykdan ogurlanýar. 1977-nji ýylyň 25-nji dekabrynda ýogalan, döreden “Şarl” obrazy bilen bütin dünýä meşhur bolan artistiň meýdi, bir topar tarapyndan paç alynmak üçin ogurlanýar.

1983-nji ýylyň 1-nji marty… Hakkaride “Bir Möwsüm” atly film Belin Film festiwalynda 4 baýrak alyp, taryha geçýär. Kino-filmde Türkiýäniň günorta-gündogarda ýerleşýän Hakkari welaýatynda ýaşaýan adamlaryň gyş aýlarynda çekýän kynçylyklaryna garşy göreşini gürrüň berilýär.

2005-nji ýylyň 1-nji marty… “Türkler: İmperiýanyň binagärleri we Mimar Sinanyň ägirtligi” atly surat sergisi Londonda açylýar. Londonyň meşhur sungat galereýalaryndan biri bolan Şaperoda açylan sergide Mimar Sinanyň eserleri, binagär-suratçy Ahmet Ertugrulyň 35 suraty bilen sungaty söýjüleriň dykgatyna ýetirildi.



Degişli Habarlar