Taryhda 14-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1125128
Taryhda 14-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni 

 

Taryhda 14-nji ýanwar.

Taryhyň şu güni başlaýar…

Ählimiziň okan ýa-da bilýän “Alis Ertekiler Diýarynda” atly kitabyň awtory Leliw Karrol ýa-da Çarles Lutwig Dogson 1898-nji ýylyň şu gününde aradan çykýar. Şol bir wagtda mantyk boýunça hem möhüm kitaplar ýazan Karrolyň matematika we suratçylyk boýunça hem işleri bar.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M.K. Atatürkiň ejesi Zübeýde Hanym 1923-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Izmirde aradan çykýar. Zübeýde Hanym Izmiriň Karşyýaka etrabynda 1940-njy ýylda gurdurylan aramgähe jaýlanýar.

1917-nji ýylda kakasynyň onuň açan kiçijik dükanynda galoş, süýji, peýnir, zeýtun, makaron ýaly harytlary satyp, söwda başlan 1996-njy ýylda aradan çykan Türkiýäniň belli işewürlerinden Wehbi Koç 1987-nji ýylda Halkara söwda birleşmesi tarapyndan “Dünýäde ýylyň işewür adamy” diýlik yglan edilýär.

2005-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Ýewropanyň Kosmos gullugy bilen NASA tarapyndan bilelikde öndürilen huýgens atly kosmos burawy Saturnyň hemrasy Titana gonýar. Gün ulgamynda atmosferasy iň bir dykyz hemra hasaplanylýan Titan hemrasy 1665-nji ýylda gollandiýaly astronawt Kristian Huýgens tarapyndan açylýar.

1992-nji ýylyň ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar açylýar.



Degişli Habarlar