Kappadokiýa ýylyň ilkinji 3 aýynda 531 müň syýahatçy geldi

Türkiyäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Kappadokiýa şu ýylyň ilkinji 3 aýynda 531 müň syýahatçy gelip gördi

2126623
Kappadokiýa ýylyň ilkinji 3 aýynda 531 müň syýahatçy geldi

Newşehir welaýatynyň gubernatory Ali Fidan beren beýanatynda: "Ýylyň ilkinji 3 aýlyk görkezijilerine ser salanymyzda geçen ýyl 441 müň bolan syýahatçy sany şu ýyl 531 müň adama ýetdi. Kappadokiýa diňe tebigy gözellikleri bilen meşhur bolmak bilen çäklenmän, eýsem taryhy, binagärçiligi, gastronomiýasy we ýaşaýyş medeniýeti bilen gezelenç etmäge mynasyp bir sebit. Bu ýere gezelenç edip görmedik adamlary sebitimize gelip görmäge çagyrýarys" diýip belledi. 

Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, 2024-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Göreme açyk howa muzeýine 154 müň 846 syýahatçy, Zelwe galyndylaryna 149 müň 25 syýahatçy, Kaýmakly ýerasty şäherine 90 müň 590 syýahatçy bilen iň köp syýahatçy kabul eden merkezler boldy. 



Degişli Habarlar