TOGG-yň täze Sedan modeli "CES 2024"-de sergilener

Türkiyäniň Awtoulag kärhanasy TOGG, sarp ediji elektronikasy we IT sergisi "CES 2024"-de sergilenmegine garaşylýan täze sedan modeliniň ilkinji tanşdyrylyş wideosyny paýlaşdy

2085433
TOGG-yň täze Sedan modeli "CES 2024"-de sergilener

TOGG-yň X platformasyndan "T10" sözbaşysy bilen paýlaşan wideosynda sorag belgisi bilen täze modeliň adyna ünsler çekildi, awtoulagyň fastbek liniýalaryna eýe bolan sedan modelidigi habar berildi.

ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 9-12-nji ýanwar aralygynda geçiriljek "CES 2024" sergisinde sergilenjek täze nusganyň "T10S" ady bilen bazara çykaryljakdygy çak edilýär.

Türkiyäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, TOGG-yň sedan modeliniň 2024-nji ýylyň ahyrynda tanyşdyryljakdygyny, 2025-nji ýylda hem öndürilmäge başlanjakdygyny habar beripdi.


Etiketkalar: #sergi , #Las-Wegas , #model , #sedan , #TOGG

Degişli Habarlar