Stambula gelen syýahatçylaryň sany artdy

Stambula noýabr aýynda bolsa 1 million 288 müň 610 daşary ýurtly syýahatçy gelipdi

2082814
Stambula gelen syýahatçylaryň sany artdy

Stambula 2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany, 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9 göterim artyp, 16 million 51 müň 324 adama ýetdi. 

Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, şähere 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 16 million 51 müň 324 daşary ýurtly syýahatçy geldi. 

Stambula 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda 14 million 714 müň 474 daşary ýurtly syýahatçy gelen bolsa, şol görkeiji 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 göterim, ýagny 1 million 336 müň 850 adam artyp, 16 million 51 müň 324 adama ýetdi. 

Stambula noýabr aýynda bolsa 1 million 288 müň 610 daşary ýurtly syýahatçy gelipdi. 

Noýabr aýynda şähere dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda rus syýahatçylar 135 müň 696 adam bilen 1-nji oruna mynasyp boldy. 



Degişli Habarlar