"14-nji TRT Halkara Dokumental film baýraklary" bilen bagly çäreler başlady

TRT Halkara Dokumental film baýraklary çäresiniň senenamasyna we ýaryş barada jikme-jik maglumata "trtbelgesel.com" saýtyndan görüp bilersiňiz

2076602
"14-nji TRT Halkara Dokumental film baýraklary" bilen bagly çäreler başlady

Türkiyäniň Radio we telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan şu ýyl 14-nji gezek geçirilýän "14-nji TRT Halkara Dokumental film baýraklary" milli, halkara dokumental film görkezişleri we öz ugrunda hünärmen bolan myhmanlaryň gatnaşmagynda 14-17-nji dekabr aralygynda geçiriler. 

4 kategoriýa boýunça takmynan 100 ýurtdan 1000-e golaý adamyň ýüz tutan festiwalda finala çykan 32 adam baş baýrak üçin özara bäsleşer. 

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hemaýatkärlik etmeginde geçirilýän höwesjeň we professional dokumental kinoreeržissýorlary goldamaga, dokumental filmleriň görnüşleriniň ösmegine we ýaýbaňlanmagyna goşant goşmak maksady bilen gurnalýan festiwal şu ýyl "Geçmişdäki yzlar, güýçli hekaýalar" temasy bilen geçirilýär. 

Režissýorlar bilen ussatlyk sapaklary bilen bagly çäreler bilen birlikde dokumental filmiň şu güni we ertirki güni bilen bagly çykyşlar we söhbetdeşlikler bolar. 

Stambul şäheriniň Fişekhane 6-njy zalynda we Galareýa zalynda, režissorlar bilen söhbetdeşlikler, kinemotografiýanyň ussatlary bilen paneller, ussatlyk sapaklary we TRT Dokumental film kanalynyň meşhur ýyldyzlary bilen duşuşyklar geçiriler. 

Çärä paneller, ussatlyk sapaklary we söhbetdeşlik geçirjek emin agzalar bilen birlikde Derwiş Zaim, Tamara Kotewska, Mouhssine Ennaimi, Reşad Strik we Kywanç Kasabaly ýaly öz ugrunda hünärmen bolan adamlar hem gatnaşar. 

Festiwalda bäsleşýän dokumental filmler we ýörite saýlanan dokumental filmler çäräniň geçirilýän günlerinde Fişekhane 2,3 we 5-nji zallarynda halk köpçüligine açyk we mugt ýagdaýda görkeziler. 

Çäräniň açylyşynda režissýory Chiara Awesani bolan "Gazada Erasmus" atly film görkeziler. 

Çäräniň soňky gününde geçiriljek sylaglama dabarasynda jemi 12 baýrak we şu ýyl üçin ýörite beriljek "100-nji ýyl mynasybetli Ýörite sylag" eýelerine gowşurylar. 

TRT Halkara Dokumental film baýraklary çäresiniň senenamasyna we ýaryş barada jikme-jik maglumata "trtbelgesel.com" saýtyndan görüp bilersiňiz. 



Degişli Habarlar