Anadola Degişli Taryhy Eserler Yzyna Getirler

Taryhy eserler 60 ýyl ozal Burdurdaky gadymy Boubon şäherinden bikanun ýagdaýda ABŞ-na alnyp gidilipdir.

2073231
Anadola Degişli Taryhy Eserler Yzyna Getirler
anadolu tarihi eser boubon burdur.jpg
anadolu tarihi eser boubon burdur.jpg
anadolu tarihi eser boubon burdur.jpg

ABŞ-da ele geçirlen Anadola degişli 41 sany taryhy eser, Nýu-Ýorkda türk ýolbaşçylara gowşuryldy.

Birnäçe ýyldan bäri geçirilýän gepleşikleriň netijesinde Türkiýä berilmegine karar berlen eserleriň gowşurylmagy mynasibetli Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsullugynda dabara geçirildi.

Dabara Amerikaly käbir muzeýleriň wekilleri bilen birlikde amerikaly alymlar hem gatnaşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýolbaşçylary, ABŞ-da ele geçirlen Anadola degişli 41 eseri kabul edip aldy.

Taryhy eserler 60 ýyl ozal Burdurdaky gadymy Boubon şäherinden bikanun ýagdaýda ABŞ-na alnyp gidilipdir.

 

 

 


Etiketkalar: #muzeý , #ABŞ , #taryhy eser

Degişli Habarlar