Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi

29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli Anytkabire 1 million 182 müň 425 adamyň baryp gördi

2057907
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
anitkabir-29 ekim1.jpg
cumhuriyet muzesi 29 ekim.jpg
anitkabir 29 ekim.jpg

Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Atatürkiň aramgähine ýagny Anytkabire we Respubpulika müzeýi hökmünde ulanylýan 2-nji TBMM-ne baryp görenleriň sany taýdan Respublikanyň  yglan edilen gününiň 100-nji gününde uly rekord goýuldy.

Milli Goranmak ministrligi, 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli Anytkabire 1 million 182 müň 425 adamyň baryp görendigini we uly rekord goýlandygyny mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, “29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasibetli Anytkabire baryp görenleriň sany 1 million 182 müň 425 adama ýetdi. Halkymyza minnetdarlyk bildirýäris we Respublikamyzyň 100-njy ýylynda Respublikasymyzyň esaslandyryjysy Baş serkerdämiz Gazi Mustafa Kemal Atütürki we Milli göreşiň gahrymanlaryny ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys” diýildi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem, Respublika müzeýi hökmünde ulanylýan 2-nji Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine, 29-njy oktýabr Respublika baýramynda 112 müň 366 adamyň baryp görendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar