Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy

Basketbol komandasy 18-nji awgustda Türkiýe wagty bilen 20.00-da ýarym finalda Şwesiýa bilen bäsleşer.

2025604
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy

Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirlen FIBA olimpiadalarynyň seçip alyş bäsleşiklerinde Türkiýäniň milli ýygyndy basketbol komandasynyň ýarym finaldaky bäsdeşi Şwesiýa boldy.

Sinan Erdem sport zalynda geçirlen bäsleşikde Belgiýany 79-78 hasabynda utup D toparyny Horwatiýadan soň ikinji ýerde tamam Şwesiýa ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Islandiýany, Bolgariýany we Ukrainany utup J toparyny birinji ýerde tamamlan Türkiýäniň milli ýygyndy basketbol komandasy 18-nji awgustda anna güni Türkiýe wagty bilen 20.00-da Sinan Erdem sport zalynda ýarym finalda Şwesiýa bilen bäsleşer.



Degişli Habarlar