Stambul 18 Ýyl Soň Ikinji Gezek Çempionlar Ligasyna Ýer Eýeçiligini Eder

Mançester Siti bilen Interiň arasyndaky final duşuşygy ertir Türkiýe wagty bilen 22.00-da Atatürk olimpiada stadionynda başlar.

1997322
Stambul 18 Ýyl Soň Ikinji Gezek Çempionlar Ligasyna Ýer Eýeçiligini Eder

Stambul şäherinde 18 ýyl soň ikinji gezek çempionlar ligasy geçirler.

Atatürk olimpiada stadiony ýene-de bir gezek Britaniýa-Italiýa bäsleşigine ýer eýeçiligini eder.

Mançester Siti bilen Interiň arasyndaky final duşuşygy ertir Türkiýe wagty bilen 22.00-da Atatürk olimpiada stadionynda başlar.

Taksim meýdanyna goýlan uly futbol topy bilen UEFA Çempionlar ligasynyň kubogynyň makedi ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Iki komandanyň baýdaklary 15-nji iýul şehitler köprüsine asyldy.

Futbol bäsleşigine 60 müňden gowrak janköýer tomaşa eder we final bäsleşigi Stambula 75 million ýewro gazandyrar.



Degişli Habarlar