Antalýa Howa Ýoly Arkaly 3 Million 405 Müň Syýahatçy Geldi

Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen maý aýynyň 31-i aralygynda Antalýa 3 million 405 müň 458 adam geldi

1994259
Antalýa Howa Ýoly Arkaly 3 Million 405 Müň Syýahatçy Geldi

 

Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 3 million 405 müň adamdan geçdi.

 Welaýat häkimliginden berlen beýannama görä, Antalýa deňizi, gumagy, güneşi tebigy gözellikleri, taryhy we medeni baýlyklary bilen ünsleri özüne çekmäge dowam edýär.

Geçen ýyl ýanwar aýynyň 1-i bilen maý aýynyň 31-i aralygynda Antalýa howa ýoly arkaly 2 million 422 müň 349 syýahatçy gelipdi.

Şol san üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen maý aýynyň 31-i aralygynda 3 million 405 müň 458 adama ýetdi.

Şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 827 müň 618 syýahatçy bilen Germaniýa birinji, 783 müň 737 adam bilen Russiýa ikinji, 352 müň 184 adam bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar