ABŞ-da Türk Güni Ýörişi 20-njy Maýda Geçirler

Amerikada ýaşaýan türk raýatlaryna Türk Güni ýörişine gatnaşmaklary üçin çagyryş berildi

1988055
ABŞ-da Türk Güni Ýörişi 20-njy Maýda Geçirler

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 1981-nji ýyldan bäri adaty ýagdaýda geçirilýän Türk Güni ýörişi 20-njy maýda geçirler.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsullygynyň sosial mediadan beren habarnamasynda, Amerikada ýaşaýan türk raýatlaryna Türk Güni ýörişine gatnaşmaklary üçin çagyryş berildi.

Türkiýäniň Nýu-Ýorkdaky Baş konsuly Reýhan Özgür, “Respublikasymyzyň 100-nji ýylynda Türk-Amerikan jemgyýetleri federassiýasy tarapyndan 20-njy maýda şenbe güni Manhettende geçiriljek 40-njy adaty Türk Güni ýörişinde ähli raýatlarymyza garaşýarys” diýdi.

Adaty Türk Güni ýörişiniň Türk-Amerikan jemgyýetiniň jebisligi we arkalaşygy bilen ABŞ-nyň ykdysadyýete we medeniýete goşýan goşandygynyň artdyrylmagy taýdan möhümdigini ýatladan Özgür, çagalaryň we ýaşlaryň bu ýörişe gatnaşmagyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.

ABŞ-da türk diplomatlarynyň ermeni terror guramasy ASALA tarapyndan şehit edilmegine garşylyk görkezmek maksady bilen ilkinji gezek 1981-nji ýylda geçirlen ýöriş, soňky ýyllarda adaty ýagdaýa öwrülýär.



Degişli Habarlar