Stambul Film Festiwaly Başlady

Festiwal 18-nji aprele çenli dowam eder.

1971407
Stambul Film Festiwaly Başlady

Stambul medeniýet we sungat gaznasy tarapyndan şu ýyl 42-nji gezek geçirilýän Stambul film festiwaly, Kadyköý etrap häkimligine degişli Süreýýa operasynda geçirlen açylyş dabarasy bilen başlady.

Açylyş dabarasynda kino-film sungadyna uly goşant goşan sungat ussatlaryna baýraklar gowşuryldy.

Film festiwalynyň geçirilmegine uly goşant goşan guramalara hem plakatlar gowşuryldy.

Baýraklaryň gowşurlyş dabarasyndan soň emin agzalarynyň ýörite baýragyna laýyk görlen kino režisýor Şarlot Reganyň “Söweşiji” atly filmi görkezildi.

42-nji Stambul film festiwalynda 12 müň dowamynda 14 bölümde 84 ýurtdan 130 uzyn we 29 hem gysga metražly film görkeziler.

Festiwal 18-nji aprele çenli dowam eder.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar