Denizli lyža merkezinde täze möwsüm başlady

Denizli Lyža merkezi lyžaçylary kabul etmäge başlady

1932875
Denizli lyža merkezinde täze möwsüm başlady

Denizli welaýatynyň Tawas etrabynyň Nikfer etrapçasyndaky 2420 metr belentlikde ýerleşýän Bozdagda Denizliniň şäher häkimligi tarapyndan 2016-njy ýylda döredilen lyža merkezine gara ýoluň üsti bilen şäherden takmynan 1 sagat dowam edýän ýolagçylyk bilen baryp bolýar.  

Täze başlaýanlar, orta derejede bilýänler we tejribeli lyžaçylar üçin jemi 10 km uzynlygyndaky 3 zolaga eýe lyža merkezinde, sagatda 1 müň adamy daşap bilýän 2 aýry lift göterijisi bilen 250 adamlyk lyža göterijisi hyzmat berýär. 

Geçen ýyl 14-nji ýanwarda açylan we 300 müň adamyň gelen lyža merkezi, şu ýyl garyň galyňlygy 50 sm bolmagyna garamazdan lyžaçylara hyzmat bermäge başlady. 


Etiketkalar: #lyža , #Denizli

Degişli Habarlar