Balykesir welaýatynda Rim döwründen galan hammam tapyldy

Gazuw-agtaryş işleriniň başlygy Mimar Sinan Şekillendiriş sungaty uniwersitediniň Arheologiýa bölüminiň agzasy Murat Özgen täze taryhy tapyndy barada maglumat berdi

1895096
Balykesir welaýatynda Rim döwründen galan hammam tapyldy

Türkiyäniň Balykesir welaýatynyň Burhaniýe etrabynda 11 ýyl dowam eden gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Adramytteion gadymy şäherinde, Rim döwrüne degişli port hammamynyň ýerasty ýyladyş ulgamy tapyldy. 

Gazuw-agtaryş işleriniň başlygy Mimar Sinan Şekillendiriş sungaty uniwersitediniň Arheologiýa bölüminiň agzasy Murat Özgen, tapylan port hammamy barada: "Bu gurluşyň biziň eramyzyň 2-nji ýa-da 3-nji asyryna degişli bir desgadygyny bilýärdik. Gurluş içinde tapylan tapyndylar bilen bilelikde bu ýeriň Rim döwrüniň port hammamydygyny kesgitledik. Öňümizdäki ýyllarda bu meýdançanyň ähli ýerinde gazuw-agtaryş işleri dowam ediler" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Rim döwri , #hammam , #port , #Balykesir

Degişli Habarlar