Etnosport Medeniýet festiwaly 9-njy iýunda Stambulda başlar

12-nji iýuna çenli dowam etjek festiwala dünýäniň 30 ýurdundan türgenler gatnaşar

1839247
Etnosport Medeniýet festiwaly 9-njy iýunda Stambulda başlar

Her ýyl hem türgenleriň hem-de sport muşdaklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Etnosport Medeniýet festiwaly 9-njy iýunda Stambul şäherindäki Atatürk howa menzilinde başlar

12-nji iýuna çenli dowam etjek festiwala dünýäniň 30 ýurdundan türgenler gatnaşar. 

Spordyň milli görnüşleri we oýunlar bilen birlikde gastronomiýa, sahna sungady ýaly ugurlar boýunça çäreler geçiriler. 

Myhmanlar hünärmenleriň gözegçiliginde ýaýdan ok atmak we ata münmek ýaly çärelere mugt gatnaşyp bilerler. 

Meýdanda duruljak çadyrlarda, türk medeniýeti bütin dünýä bilen tanyşdyrylar. 

Bütindünýä Etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan, Atatürk howa menzilinde geçiriljek V Etnosport Medeniýet festiwalynyň tanşdyrylyş maslahatynda eden çykyşynda: "Türkiýe şeýlelik bilen spordyň milli görnüşleriniň dünýädäki möhüm merkezi ýagdaýyna öwrülýär. Bu bolsa Türkiýäniň özüne çekijiligine we abraýyna goşant goşar" diýdi. 



Degişli Habarlar