Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi

Prezident Erdoganyň sapary mynasibetli şäheriň esasy binalary Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldyldy.

1778701
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi

Prezident R. T. Erdogan Abu Dabide saparda bolýar.

Prezident Erdoganyň sapary mynasibetli şäheriň esasy binalary Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldyldy.

Abu Dabi Emirliginiň köşgü bilen Prezident Erdoganyň bolýan Emirates Palas myhmanhanasy hem Türkiýäniň baýdagynyň reňki bolan ak-gyzyla bürendi.

Öňňin hem dünýäniň iň belent binasy bolan Dubaidäki Burj Halif Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen ýagtyldylypdy we Döwlet senasy ýaňlanypdy.

Dünýäniň iň belent binasyna türk dilinde “Hoş geldiňiz” diýlip ýazylypdy.



Degişli Habarlar