Türk Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Argentinany 3-0 Utdy

Türk Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy çärýek finala çykdy

1683190
Türk Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Argentinany 3-0 Utdy

Türk Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 2020-Tokio Olimpiýýa oýunlarynda Argentinany 3-0 hasabynda utdy

Taryhy üstünlik gazanan türk komandasy, olimpiýýa oýunlarynda ilkinji gezek çärýek finala çykdy.

Türk Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy toparyndaky soňky bäsleşigini 2-nji awgustda Russiýanyň komandasy bilen oýnar.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly we orunbasary Hamza Ýerlikaýa hem woleýbol bäsleşigine tomaşa etdiler.

Bäsleşige ör tutup tomaşa eden Kasapogly we Ýerlikaýa, bäsleşikden soň türgenleri gutlady.



Degişli Habarlar