Milli Türgenler Ýaponiýa Gitdi
Tokio olimpiada oýunlaryna gatnaşjak milli türgenler Ýaponiýa gitdi
2020 Tokio olimpiada oýunlaryna gatnaşjak milli türgenler Ýaponiýa gitdi.
Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda iýul aýynyň 23-i bilen awgust aýynyň 8-i aralygynda geçiriljek 32-nji Tomusky olimpiada oýunlaryna gatnaşjak milli türgenler bilen türgenleşdirijiler Stambul howa menzilinden dabaraly ýagdaýda ugradyldy.
Howa menzilinde geçirilen dabara Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bilen Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu hem gatnaşdy.
Dabarada söz sözlän ministr Kasapoglu, milli türgenleriň iň gowy ýagdaýda Türkiýä wekilçilik etjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy we türgenlere rowaçlyk arzuw etdi.
Degişli Habarlar
Stambul Şäherine 4 Aýda 5 Million 244 Müň Syýahatçy Geldi
Şähere gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyn degişli döwrü bilen deňeşdirilende 9,94 göterim artdy.
Rim Döwrüne Degişli 2 Heýkel Tapyldy
Ministr Ersoý, gadymy Aspendos şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri hakynda maglumat berdi